Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi SASAKI Hiroşiniň hoşlaşyk ýüzlenmesi

2026/11/20

日本語 | English | Русский


 

Meniň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi wezipesinde takmynan üç ýyl dowam eden iş möhletim tamamlandy we men Türkmenistan bilen hoşlaşýaryn.
 

2023-nji ýylyň noýabr aýynda bu wezipä girişen pursatymdan bäri Türkmenistanyň hormatly Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWYŇ, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWYŇ, Türkmenistanyň Hökümet agzalarynyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşýan köp sanly adamlaryň mähirli goldawyny we hemmetaraplaýyn ýardamyny hemişe duýup işledim. Şu pursatdan peýdalanyp, siziň hemmäňize tüýs ýürekden çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.
 

Soňky ýyllarda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar syýasat, ykdysadyýet, medeniýet we bilim ýaly iň dürli ugurlarda okgunly ösýär. Hususan-da, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOW Osaka, Kansaýda geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine hem-de «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çägindäki Sammitine gatnaşmak mynasybetli Ýaponiýa iki gezek sapar bilen bardy. Mundan başga-da, 2026-njy ýylyň awgust aýynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministri jenap Toşimitsu MOTEGI Aşgabada sapar bilen geldi. Bu sapar Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň soňky sekiz ýylyň dowamynda Türkmenistana amala aşyran ilkinji sapary boldy we onuň çäklerinde Prezident jenap Serdar BERDIMUHAMEDOW tarapyndan kabul edildi. Ykdysady ulgamda hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagyndaky iri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde yzygiderli çuňlaşýar. Ilçi hökmünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bu batly ösüşine şaýat bolmak we oňa öz mynasyp goşandymy goşmak meniň üçin uly bagt hem-de belent mertebe boldy.
 

Mundan başga-da, Türkmenistanda ýaşan döwrümde türkmen halkynyň Ýaponiýa bolan tüýs ýürekden gyzyklanmasy we mähirli garaýşy mende aýratyn täsir galdyrdy. Häzirki wagtda bu ýerde köp sanly ýaşlar ýapon dilini öwrenýärler we ýurduň dürli künjeklerinde bu dili yhlas bilen özleşdirýän talyplar bilen söhbetdeş bolmak maňa miýesser etdi. Her gezek olaryň işe bolan çynlakaý garaýşyny we geljege ymtylşyny görenimde, ýurtlarymyzyň
arasyndaky dostluga iň ýagty geljegiň garaşýandygyna göz ýetirýärdim.
 

Geografik taýdan uzaklygyna garamazdan, Ýaponiýa bilen Türkmenistany özara ynama we hormata esaslanýan berk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. 2027-nji ýylda biz şanly senäni — diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygyny belläris. Şu güne çenli bina edilen dostlugyň we hyzmatdaşlygyň berk binýady esasynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösjekdigine hem-de rowaçlanjakdygyna tüýs ýürekden garaşýaryn.
 

Sözümiň ahyrynda ilçi bolan döwrümde maňa beren hemişelik ýardamy we goldawy üçin Türkmenistanyň Hökümet agzalaryna, diplomatik wekilhanalaryna, işewür toparlaryň wekillerine, ýurtda ýaşaýan watandaşlaryma, şeýle hem tutuş türkmen halkyna ýene bir gezek çuňňur minnetdarlygymy bildiresim gelýär.
 

Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk, siziň hemmäňize bolsa berk jan saglyk hem-de abadançylyk tüýs ýürekden arzuw edýärin.
 

Türkmenistanda geçiren gymmatly günlerimi, söz bilen beýan edip bolmajak owadan tebigaty we iň esasy zat — hemmäňizden gören mähirli myhmansöýerligi we dostlugy hiç haçan unutmaryn.
 

Ýene-de görüşýänçäk, hoş sag boluň!

 

2026-njy ýylyň 20-nji noýabry
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi
Hiroşi SASAKI