Ilçi Sasaki Hiroşiniň Täze ýyl gutlagy

2026/1/1
大使
   Täze ýylyňyz gutly bolsun!
 
 Meniň Türkmenistana ilçi wezipesine bellenenime 2 ýyl 2 aý boldy. Şol aralykda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda köpsanly ýokary dereje ýolbaşçylaryň özara saparlary we ykdysady alyş-çalyşlar bolup geçdi.
 
 Hususan-da, geçen ýyl ilki “EXPO-2025”, Osaka-Kansai sergisine, soňra bolsa ýakynda Tokioda geçirilen “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň çägindäki Sammitine gatnaşmak üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMMEDOW Ýaponiýa iki gezek sapar edip, ol ýerde Onuň Alyhezreti Ýaponiýanyň Imperatory we Premýer-ministri bilen duşuşyklary geçirdi. “EXPO-2025” sergisinde Türkmenistanyň pawilonyna gelenleriň umumy sany 2 milliondan geçip, Ýaponiýada Türkmenistan barada düşünjesini artdyran we Türkmenistany söýýän adamlaryň sany ep-esli artdy. Ykdysady taslamalar babatynda hem ýapon kompaniýalary Türkmenistanda iri zawodlaryň gurluşygy üçin sargytlary almak ýaly öňküden has köp işleri alyp barýarlar.
 
 Mundan başga-da, Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany 15 müňden gowrak bolup, ýapon tagamlaryny hödürleýän restoranlaryň sany artýar. Bu bolsa Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändiginiň alamaty diýip aýdyp bolar.
 
 Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmek üçin edýän tagallalary üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine we ähli hökümet agzalaryna ýene-de bir gezek öz minnetdarlygymy bildiresim gelýär.
 
 Täze ýyl meniň üçin ilçi hökmünde soňky ýyl bolar. Ýaponiýanyň Ilçihanasy, şeýle hem meniň özüm ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin elimizden gelenini etmäge taýýar.
 
 Sözümiň ahyrynda, 2026-njy ýylyň ähli türkmen halky üçin bagtdan doly ýyl bolmagyny arzuw edýärin.
 
2026-nji ýylyň 1-nji ýanwary
Sasaki Hiroşi, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi