Ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synagyň geçirilmegi barada (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) / Проведение экзамена по определению уровня владения японским языком (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT)
2025/8/19

2025-nji ýylyň 7-nji dekabrynda 2025-nji ýyldaky 2-nji ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synagynyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.
JLPT Ýaponiýada we daşary ýurtlarda ýapon dili öz ene dili bolmadyk adamlaryň ýapon dilini biliş derejesini anyklamak we tassyklamak maksady bilen geçirilýän dünýäde iň uly ýapon dili synagy bolup durýar. Anyk maglumatlar üçin aşakdaky saýta girmegiňizi haýyş edýäris.
https://www.jlpt.jp/index.html (ýapon dilinde)
https://www.jlpt.jp/e/index.html (iňlis dilinde)
Synag tabşyrmak isleýänleri synag gollanmasyny we zaýawkany aşakdaky ssylkadan ýükläp almagyňyzy haýyş edýäris. Synag gollanmasyny üns bilen okaň we synag zaýawkasyny öýde dolduryň. Resminamalary Ilçihanada doldurmakdan saklanmagyňyzy haýyş edýäris. Synag zaýawkasyny dolduranyňyzdan we ýüzüňiziň suratyny ýelmäniňizden soň, aşakdaky synag tölegini taýýarlap, zaýawkany we giriş kagyzyny Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna (“Paýtagt” SM, 9-njy gat) tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.
Kabul ediş wagty: 25 awgustdan (duşenbe) 1 sentýabra (duşenbe) çenli
Irden: 09:30 - 12:45
Gündiz: 14:00 - 17:00
Synag tölegi: N1 - 100 manat
N2 - 100 manat
N3 - 100 manat
N4 - 100 manat
N5 - 100 manat
Synag 1 dekabrda (ýekşenbe) geçiriler. Synagyň anyk wagty we geçiriljek ýeri barada soňrak Ilçihananyň internet sahypasynda ýerleşdiriler.
N1, N2, N3 derejesine tabşyrjaklary synag meýdançasyna sagat 9:00-a çenli, N4, N5 derejesine tabşyrjaklary sagat 14:00-a çenli ýygnanmagyny haýyş edýäris. Ýygnanyş wagtyny doly berjaý etmegiňizi haýyş edýäris.
Şeýle hem aşakdakylara ünsüňizi çekesimiz gelýär:
- Dürli sebäplere görä, bu synagyň geçirilmeginiň ýatyrylmagy hem mümkin bolup durýar.
- Geçiriljek ýeriň sygymlylygy sebäpli, Ilçihana käbir dalaşgärlere synag tabşyrmak üçin rugsat berilmän hem biler.
***
7 декабря 2025 года планируется проведение 2-го в 2025 году экзамена по определению уровня владения японским языком (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) в г. Ашхабаде, Туркменистан.
JLPT является крупнейшим в мире экзаменом по японскому языку, который проводится в Японии и за рубежом с целью определения и подтверждения уровня владения японским языком лицам которые японский язык не является родным. Для получения подробной информации посмотрите следующий сайт:
https://www.jlpt.jp/index.html (на японском языке)
https://www.jlpt.jp/e/index.html (на английском языке)
Желающих сдать экзамен, просим скачать руководство по экзамену и формы заявления по нижеследующим ссылкам, ознакомиться с руководством по экзамену и подготовить форму заявления дома. Просьба воздержаться от заполнения заявления в Посольстве. Заполнив форму и вставив фото лица, подготовьте следующую плату за экзамен и предоставьте в Посольство Японии в Туркменистане (ТЦ «Пайтагт», 9-й этаж) форму заявки и входной билет.
Период приема: с 25 августа (понедельник) по 1 сентября (понедельник)
Утром: с 09:30 до 12:45
После обеда: с 14:00 до 17:00
Стоимость экзамена:
N1 - 100 манат
N2 -100 манат
N3 -100 манат
N4 - 100 манат
N5 - 100 манат
Экзамен состоится 7 декабря (воскресенье). Точное время и место проведения будут опубликованы на сайте Посольства и в Инстаграм позднее.
Для уровней N1, N2, N3 просим собраться на месте проведения экзамена до 9:00, а для уровней N4 и N5 – до 14:00. Просьба строго соблюсти время сбора.
Мы также просим вашего понимания относительно следующих пунктов.
- Не исключена вероятность отмены экзамена по разным причинам.
- Заявки могут быть отклонены по таким причинам, как вместимость места проведения.