Ilçi Sasaki Hiroşiniň Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli gutlagy
2024/12/12

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedow, dostlukly türkmen halky, Ýaponiýanyň hökümetiniň adyndan sizi Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik bitarap statusy ykrar edileni bäri, Türkmenistan geosyýasy taýdan kyn Merkezi Aziýa diýen sebitinde ýerleşýändigine garamazdan, bitarap ýurt hökmünde öz pozisiýasyny saklap geldi. Siziň edýän tagallalaryňyza ýene-de bir gezek öz çuňňur hormatymy bildiresim gelýär.
Mundan başga-da, bu döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we diplomatik tagallalary arkaly dünýädäki parahatçylyga we durnuklylyga işjeň goşant goşup geldi. Türkmenistanyň işjeň bitaraplyk syýasatyna bütin dünýäde hem ýokary baha berilýär.
Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar giň gerime eýe bolup, ykdysady pudak barada aýdanymda, şu ýylyň awgust aýynda Astanada "Merkezi Aziýa we Ýaponiýa" işewürlik forumy geçirildi. Ol ýerde iki ýurduň arasyndaky köpsanly işewürlik taslama resminamalary baglanyşyldy.
Şeýle hem, 17-nji dekabrda Türkmenistanda 5 ýylyň içinde birinji sapar geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki 15-nji mejlisi Aşgabatda geçiriler. Iki ýurtdan işewürlerini birleşdirjek bu mejlis, iki ýurduň arasyndaky işewürligiň ösüşinde möhüm tapgyr bolar diýip umyt edýärin.
Ýaponiýanyň Ilçihanasy mundan beýläk hem Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky oňaýly gatnaşyklaryň ösmegi üçin elinden gelenini eder.
Sözümiň ahyrynda, dünýäde parahatçylyk we abadançylyk, siziň hemmäňize bolsa jan saglyk we bagt arzuw edýärin.

2024-nji ýylyň 12-nji dekabry
Sasaki Hiroşi, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi