Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli Sasaki Hiroşi Ilçiniň gutlagy

2024/9/27
佐々木大使
   Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedow, dostlukly türkmen halky, Ýaponiýanyň hökümetiniň adyndan Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 (otuz üç) ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
 
   Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar syýasat, ykdysadyýet, bilim we medeniýet ýaly dürli ugurlarda çalt depginde ösüp gelýär.
 
   Ýakyn günlerde Astana şäherinde “Merkezi Aziýa + (goşmak) Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty geçirildi. Ýaponiýada bolup geçen güýçli ýer titremesi sebäpli Premýer-ministr Kişida gynansagam gatnaşyp bilmedi welin, bu işewürlik maslahatda ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen gol çekilen birnäçe hyzmatdaşlyk resminamalary görkezildi. Indiki ädim hökmünde şu ýylyň dekabrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 15 (on bäşi)-nji mejlisini Aşgabat şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, geljek ýylyň aprel aýynda Ýaponiýada “Osaka / Kansai Expo 2025 (ýigrimi – ýigrimi bäş)” sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilip, eger mümkinçilik bolsa, bu pursatda Prezident jenap Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary hem meýilleşdirilýär.
 
   Men Ilçihananyň ähli agzalary bilen bilelikde bu möhüm wakaly pursatlardan peýdalanyp, Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin elimden gelenini ederin.
 
   Sözümiň ahyrynda, Türkmenistan üçin parahatçylyk we abadançylyk, Siziň ähliňiz üçin jan saglyk we bagt arzuw edýärin.
 
 
2024-nji ýylyň 27-nji sentýabry
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi
Sasaki Hiroşi