Ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synagyň geçirilmegi barada (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT)

2024/8/15
rogo
 2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda 2024-nji ýyldaky 2-nji ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synagynyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.
 
 JLPT Ýaponiýada we daşary ýurtlarda ýapon dili öz ene dili bolmadyk adamlaryň ýapon dilini biliş derejesini anyklamak we tassyklamak maksady bilen geçirilýän dünýäde iň uly ýapon dili synagy bolup durýar. Anyk maglumatlar üçin aşakdaky saýta girmegiňizi haýyş edýäris.
 
 https://www.jlpt.jp/index.html (ýapon dilinde)
https://www.jlpt.jp/e/index.html (iňlis dilinde)
 
Synag tabşyrmak isleýänleri synag gollanmasyny we zaýawkany aşakdaky ssylkadan ýükläp almagyňyzy haýyş edýäris. Synag gollanmasyny üns bilen okaň we synag zaýawkasyny öýde dolduryň. Resminamalary Ilçihanada doldurmakdan saklanmagyňyzy haýyş edýäris. Synag zaýawkasyny dolduranyňyzdan we ýüzüňiziň suratyny ýelmäniňizden soň, aşakdaky synag tölegini taýýarlap, zaýawkany we giriş kagyzyny Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna (“Paýtagt” SM, 9-njy gat) tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.
 
Kabul ediş wagty:            26 awgustdan (duşenbe) 30 awgusta (anna) çenli
                           Irden: 09:30 - 12:45
                           Gündiz: 14:00 - 17:00
    Synag tölegi:                N1 - 200 manat
                                           N2 - 180 manat
                                           N3 - 160 manat
                                           N4 - 140 manat
                                           N5 - 120 manat
 
Synag gollanmasy (PDF)
Synag tabşyryş zaýawkasy/synag kagyzy (PDF)
* Synag tabşyryş zaýawkanyň A-dan C çenli 3 nusgasyny we synag kagyzynyň 2 nusgasyny doldurmagyňyzy haýyş edýäris.
 
  Synag 1 dekabrda (ýekşenbe) geçiriler. Synagyň anyk wagty we geçiriljek ýeri barada soňrak Ilçihananyň internet sahypasynda ýerleşdiriler.
 
  N1, N2, N3 derejesine tabşyrjaklary synag meýdançasyna sagat 9:00-a çenli, N4, N5 derejesine tabşyrjaklary sagat 14:00-a çenli ýygnanmagyny haýyş edýäris. Ýygnanyş wagtyny doly berjaý etmegiňizi haýyş edýäris.
 
  Şeýle hem aşakdakylara ünsüňizi çekesimiz gelýär:
  1. Dürli sebäplere görä, bu synagyň geçirilmeginiň ýatyrylmagy hem mümkin bolup durýar. 
  2. Geçiriljek ýeriň sygymlylygy sebäpli, Ilçihana käbir dalaşgärlere synag tabşyrmak üçin rugsat berilmän hem biler.