Ýaponiýanyň Daşary işler ministri HAÝAŞI Ýoşimasanyň Nowruz baýramy mynasybetli gutlagy

2023/3/21
   21-nji martda Daşary işler ministri HAÝAŞI Ýoşimasa Nowruz baýramyny belleýän ýurtlara aşakdaky gutlagyny iberdi.
 
  “Ýaponiýada we bütin dünýäde Nowruz baýramyny belleýän adamlary tüýs ýürekden gutlaýaryn.
 
   Şu gün Ýaponiýada hem “Ýazdaky gije-gündiziň deňleşme güni” hökmünde tebigaty we janly-jandarlary aýap saklamak baýramçylygy bolup, yssy baharyň gelmegi bilen, tutuş ýurtda sakura agajynyň güllerinden başlap, beýleki güllerden lezzet almak möwsümidir.
 
   Nowruz baýramynda täze ýylyň umytdan doly bolmagy üçin siz bilen bilelikde işlemek hyjuwymy aýan etmek bilen, geljek ýylyň siziň hemmäňiz üçin ajaýyp ýyl bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin.”