Ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synagyň geçirilmegi barada (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT)

2021/8/31
Türkmenistanda 2021-nji ýyldaky 2-nji ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synagyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) geçirilmegi meýilleşdirilýär.
 JLPT Ýaponiýada we daşary ýurtlarda ýapon dili öz ene dili bolmadyk adamlaryň ýapon dilini biliş derejesini anyklamak we tassyklamak maksady bilen geçirilýän dünýäde iň uly ýapon dili synagy bolup durýar.  Aşakda ýerleşdirilen sürgünden synag barada has anyk maglumatlar bilen tanşyp bilersiňiz.
 
https://www.jlpt.jp/e/index.html (iňlis dilinde)
 
Synag tabşyrmak isleýänleri aşakdaky synag barada instruksiýasy bilen içgin tanşyp, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasyna doldurylan zaýawkany we synag kagyzyny aşakda görkezilen synaga giriş tölegi bilen bilelikde getirmegiňizi haýyş edýäris.
 
Kabul ediş wagty:      6 sentýabrdan (duşenbe) 10 sentýabra (anna) çenli.
                                   Irden: 10:00 - 12:00
                                   Gündiz: 14:00 - 16:00
    Synag tölegi: N1 - 200 manat
                          N2 -180 manat
                          N3 -160 manat
                          N4 - 140 manat
                          N5 - 120 manat
 
Synag barada instruksiýa (PDF)
Synag tabşyryş zaýawkasy/synag kagyzy (PDF)
* Synag tabşyryş zaýawkanyň A-dan C çenli 3 nusgasyny we synag kagyzynyň 2 nusgasyny doldurmagyňyzy haýyş edýäris.
 
  Synag 5 dekabrda (ýekşenbe) geçiriler. Synagyň anyk wagty we geçiriljek ýeri barada soňrak Ilçihananyň internet sahypasynda ýerleşdiriler.
  N1-dan N3 derejesine çenli tabşyrjaklary sagat 9:00-da, N4-den N5 derejesine çenli tabşyrjaklary sagat 14:00-da ýygnanmagyny haýyş edýäris.  Ýygnanyş wagtyny doly berjaý etmegiňizi haýyş edýäris.
     Şeýle hem aşakdakylara ünsüňizi çekesimiz gelýär:
  1. Geçiriljek ýeriň sygymlylygy sebäpli, Ilçihana käbir dalaşgärlere synag tabşyrmak üçin rugsat bermän hem biler.
     2. Şeýle hem dürli sebäplere görä, bu synagyň geçirilmeginiň ýatyrylmagy hem mümkin bolup durýar.